Awstriýanyň futbolçysy 6-njy sekuntda gol salyp, milli ýygyndylaryň taryhy rekordyny täzeledi

  • 25.03.2024 13:12
  • 17k+

23-nji martda Awstriýanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Slowakiýany 2:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň altynjy sekundynda Awstriýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Kristof Baumgartner hasaby açdy we milli ýygyndylaryň taryhyndaky iň çalt goluň eýesi boldy. Öňki rekord nemes futbolçysy Lukas Podolskä degişlidi. Ol 2013-nji ýylda Ekwadoryň milli ýygyndysyna garşy oýunda topy sekizinji sekuntda derwezä salypdy.
Baumgartnerden başga-da hüjümçi Andreas Waýman 82-nji minutda topy garşydaşyň derwezesine iberdi.
26-njy martda Awstriýanyň milli ýygyndysy Türkiýe bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.


düýn 22:49
1.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
7.9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......