Bennu asteroidi bilen irki Ýeriň arasynda haýran galdyryjy meňzeşlikler ýüze çykaryldy

  • 25.03.2024 06:20
  • 8.3k+

NASA-nyň gözlegçileri Bennu asteroidinde “ýaşaýşyň düzümlerini” tapdylar. Daily Mail-iň habar bermegine görä, takmynan, 45 million ýyllyk Bennu tozanynda magniý fosfaty, fillosilikatlar we glisin ýaly, ýaşaýşyň ilki dörän döwründe Ýerde bar bolan maddalar tapyldy.

Magniý fosfaty Ýerdäki ummanlarda we gury ýerde, ösümlik tohumlarynda bolýar we adam süňkleriniň hem-de myşsalarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Fillosilikatlar planetamyzyň tektoniki toýnunyň düzüm bölegidir, glisin bolsa beloklaryň esasy bölegi bolan aminokislotadyr.
Bennuda düzüminde suw bolan minerallar hem tapyldy. "Gadymy suw dünýäsinden" gelip çykandygyna ynanylýan asteroidde bu "maddalaryň" tapylmagy Ýerdäki ýaşaýşyň kosmosdan getirilen bolmagy baradaky çaklamany berkidýär.


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....