Hytaýda Aşgabadyň howa menzilini ýada salýan şekilde howa menzili gurulýar

  • 22.03.2024 06:04
  • 26k+

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çžeszýan welaýatynda dizaýny boýunça Aşgabadyň howa menzilini ýada salýan täze Lişuý howa menzili gurulýar. MAD Architects binagärlik býurosy tarapyndan işlenip taýýarlanan taslama uçmaga taýyn ap-ak guşy ýatladýar diýip, New Atlas ýazýar.

Gurluşygy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. “Guşuň” beýikligi 24 metr, meýdany 12 100 inedördül metr bolar.
Lişuý howa menzili agaçlaryň we ýaşyl otlar bilen örtülen baýyrlaryň köpdügi sebäpli “tokaý şäheri” diýlip atlandyrylýan ýerde ýerleşýär. Ilkibaşda desga 1 mln adam möçberde garaşylýan ýyllyk ýolagçy akymy bilen içerki howa menzili hökmünde ulanylar, ýöne 2030-njy ýyla çenli, ähtimal, halkara terminalyny goşmak bilen ýylda 5 mln ýolagçy kabul etmek üçin giňeltme göz öňünde tutulýar.
Interýeri egri agaç bezeginiň ulanylmagy bilen bezemek meýilleşdirilýär. Içerde tebigy ýagtylygyň düşmegi üçin köp penjire bolar.
Belläp geçsek, Aşgabat halkara howa menzili hem guşuň şekilindedir. 2016-njy ýylda gurlan esasy ýolagçy terminaly üçekdäki iň uly göl şekilleri (705 inedördül metr) netijesinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Mundan başga-da, Dünýä rekordlar akademiýasy howa menzilini guşuň (laçyn) şekilindäki iň uly desga we simwoliki guşuň iň giň ganat gerimi üçin hem ykrar etdi.
Howa menzili Polimeks türk kompaniýasy tarapyndan guruldy. Tutuş aerowokzal toplumy 1200 g meýdany eýeleýär we iki uçuş-gonuş zolagyny, şeýle-de ýolagçy terminalyny, dispetçer diňini, ýük ammaryny, angarlary, okuw we lukmançylyk merkezlerini öz içine alýar. Terminalyň meýdany 160 müň inedördül metrden gowrak, beýikligi – 50 m, uzynlygy – 70 m.


18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....