Raşid Meredow we Mämmethan Çakyýew ÝB-niň işewürlik wekilleri bilen geçirilen Tegelek stola gatnaşdylar

  • 19.03.2024 22:32
  • 14k+

18-nji martda Brýusselde (Belgiýa) Ýewropanyň işewürler jemgyýeti bilen “Türkmenistan we ÝB: täze ykdysady hyzmatdaşlyga tarap” mowzugy bilen Tegelek stol guraldy. Bu ýerde Türkmenistanyň gyzyklanmalaryny ýurduň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew görkezdi. 

Gibrid görnüşinde geçen çärä gatnaşyjylar energetika, maýa goýum we söwda ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çärä Ýewropanyň dürli ýurdundan 120-den gowrak wekil, şol sanda halkara guramalarynyň, diplomatik we maliýe edaralarynyň, ylmy-gözleg merkezleriniň, şeýle-de Sarens Group, Cargolux, Philips we Royal IHC ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Soňra tegelek stoluň çäklerinde birnäçe aýratyn duşuşyklar geçirildi. Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, eksport we maýa goýum boýunça Wallon agentliginiň ýolbaşçylary hem-de Philips we Picanol kompaniýalarynyň wise-prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Mämmethan Çakyýew Antwerpen deňiz portunyň ýolbaşçylary we Cargolux, Exagon Global BV, Royal IHC, şeýle-de DEME kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistanyň dürli pudaklary üçin enjamlary ýola goýmak, potensial taslamalary öwrenmek, sanlylaşdyrmak, häzirkizaman tehnologiýalaryny ulanmak, telekeçiligi we maýa goýum işjeňligini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, Türkmenistanda Ýewropa kompaniýalarynyň hyzmat merkezlerini açmagyň perspektiwasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirip, işewürlik we maýa goýumlar üçin hukuk gurşawyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny bellediler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......