Raşid Meredow Brýusselde Ýewropanyň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi

  • 19.03.2024 22:02
  • 7.8k+

18-nji martda Brýussele iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli diplomatlary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň daşary syýasat boýunça baş geňeşçisi Saýmon Mordýu bilen geçirilen duşuşykda taraplaryň ýaşyl energetika, transport, tehnologiki baglanyşyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklandy.
ÝB – Merkezi Aziýa çäklerinde hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy. Halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanyň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki oňyn roly bellenildi.
Belgiýanyň daşary işler ministri Haja Lahbib bilen gepleşiklerde taraplar syýasy we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine we geljegine garadylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.
Şeýle-de, Raşid Meredow Lýuksemburgyň wise-premýeri, daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Bettel bilen duşuşdy. Onuň bilen türkmen diplomaty syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Sebit we halkara meselelerine seredildi, özara gatnaşygyň hukuk binýadyny berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......