Hytaýyň GAC awtoulagy Toyota Sienna-dan we Kia Carnival-dan ozduryp, dünýäde iň köp satylan miniwen boldy

  • 19.03.2024 16:57
  • 15k+

2023-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde iň köp satylan MPV synply awtoulag (bu miniwenleri hem öz içine alýar) Hytaýyň GAC Aito Y awtoulagy boldy.

Ýylyň dowamynda dünýäde 4,4 million MPV awtoulagy satyldy, şolardan 235,7 müňüsi hytaýly GAC Aito Y ulagydyr. 3 ýyl mundan öň tanyşdyrylan bu modeliň satuwy geçen ýylda iki esse artdy. Ösüş 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 97% boldy. Dünýäde iň meşhur ikinji awtoulag Kia Carnival boldy. Bu awtoulag 2023-nji ýylda 150,2 müň nusgada satyldy. Üçünji orunda öň bu ugurda satuwlarda öňdebaryjy bolan Toyota Sienna ýerleşdi. Ýylyň dowamynda dünýä bazarynda bu awtolulaglaryň 146,7 müňüsi satyldy.
Dördünji we bäşinji ýerlerde Maruti hindi brendi tarapyndan öndürilýän ýedi orunlyk Maruti Eeco (136 müň awtoulag) we Maruti Ertiga (130 müň awtoulag) ýerleşdiler.


düýn 11:32
2.8k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....

28.06.2026 21:54
3.8k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.3k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......