Türkmenistanyň Awstraliýadaky täze ilçisi ýurduň Hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirdi

  • 19.03.2024 16:46
  • 3.1k+

Awstraliýa iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň täze bellenilen ilçisi A.Baýramow ýurduň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Awstraliýanyň daşary işler we söwda ministri Tim Uottson bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Taraplar Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ýokary derejede özara saparlaryň we geňeşmeleriň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Soňra A.Baýramow Awstraliýanyň DIM-niň Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa Toparynyň işi boýunça sekretarynyň orunbasary Mişel Çan bilen duşuşdy. Duşuşykda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegiň ýollary maslahatlaşyldy.
Awstraliýanyň Bilim ministrliginiň sekretarynyň orunbasary Wanessa Laptorn bilen duşuşykda bilim ulgamy maslahatlaşyldy. Taraplar bilim, akademiki alyş-çalyş we ylmy barlaglar ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garadylar.
Awstraliýanyň howanyň üýtgemegi we energetika meseleleri boýunça ministriniň geňeşçisi Maýkl Belçamber bilen duşuşykda ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy.


düýn 22:09
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......