Elektromobilleri indi 100 kWt kuwwatly simsiz zarýad berijiden zarýadlandyryp bolýar

  • 17.03.2024 14:18
  • 6.3k+

ABŞ-nyň Oak Ridge milli barlaghanasynyň (ORNL) gözlegçileri batareýa bary-ýogy 20 minutda 50% zarýad berip bilýän elektrik ulaglary üçin täze simsiz zarýad beriş ulgamyny görkezdiler. Enjamyň kuwwatlylygy 100 kWt we öndürijiligi 96%, bu ulaglaryň agzalan klasy üçin rekord görkezijidir.

Tehnologiýa smartfonlara niýetlenen simsiz zarýad beriji ýaly işleýär. Ulgam setden gelýän energiýany ýokary ýygylykly üýtgeýän toga öwürýär.
Zarýad bermek aýlanýan magnit meýdanly köp fazaly elektromagnit birikdiriji katuşkalary ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Bu tehnologiýa zarýad beriji enjam bilen awtoulagyň arasyndaky 13 santimetre çenli bolan howa boşlugy arkaly energiýa kuwwatyny geçirmäge mümkinçilik berýär.
Gözlegiň awtorlarynyň biri Omer Onar: "Tehnologiýamyz adaty katuşka  tehnologiýasyna garanda 8-10 esse ýokary energiýa dykyzlygyna ýetýär we akkumulýatora 20 minudyň içinde 50% zarýad berip biler" -diýdi.
Köp fazaly katuşkanyň ýeňil we ykjam gurluşy iň kiçi göwrümli enjamyň iň ýokary energiýa dykyzlygyny üpjün edýär. Katuşkanyň fazaly sargylaryndan emele gelýän aýlanýan magnit meýdanlary ulgamyň kuwwatyny ýokarlandyrýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......