Alymlar: Çagalykda geçirilen gepatit C lukmançylyk çykdajylaryny azaldýar we ömri uzaldýar

  • 17.03.2024 14:10
  • 8.5k+

Gepatit C çaga heniz enesiniň göwresindekä ýa-da üç ýaşaýança ýokuşsa, onuň bejergisi olaryň durmuşyny ep-esli gowulandyryp, saglyk üçin çykdajylaryny azaldar. Amerikaly alymlar şeýle netijä geldiler, olaryň gözlegleri JAMA Pediatrics-da neşir edildi.

Mundan başga-da, çagalygyndan bejergä başlamak keseliň beterleşmeginiň öňüni alar we sagalyp gitmek mümkinçiligini artdyrar. Irki çagalyk döwründe bejergä başlaýanlaryň doly sagalmak mümkinçiligi has ýokarydyr.
Şeýle-de bolsa, irki bejerginiň bu artykmaçlyklaryna garamazdan, ýaş çagalar üçin wirusa garşy dermanlaryň elýeterliligi çäkli bolmagynda galýar. Munuň sebäbi  dermanlaryň gymmatlygy we uzak möhletli netijeliliginiň subutnamalarynyň çäklidigi bilen baglanyşyklydyr.
Massaçusets hassahanasynyň gözlegçileri perinatal döwürde C gepatiti ýokaşan adamlaryň saglyk çykdajylaryny gözden geçirdiler. Olar sirrozyň bejergisiz ösüşiniň ortaça dowamlylygynyň 35 ýaşdygyny anykladylar. Şonda medisina hyzmatlary üçin çykarylýan ortaça çykdajylar, bejerginiň başlanýan ýaşyna baglylykda, 148 162 dollardan 279 252 dollar aralygynda üýtgeýär.
Modelirleme 3 ýaşly çagalara bejerginiň arzan düşüp, iň gowy netijeleri berýändigini görkezdi. Bu shema ömrüň dowamlylygyny 2, 26 ýyl – 78, 36 ýaşa çenli artdyrýar.
BSGG-nyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda 57,8 million adam C gepatitinden ejir çekdi we takmynan, 287,7 müň adam ýogaldy.


20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......