Gazagystanyň prezidenti ýurduň gerbini üýtgetmegi teklip etdi

  • 16.03.2024 22:42
  • 9.4k+

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň gerbini üýtgetmegi teklip etdi diýip, Orda.kz habar berýär.

Respublikanyň baştutany döwlet baýdagyny “stil taýdan birkemsiz” diýip atlandyrdy, ýurduň gimni bolsa, onuň pikirine görä, gazagystanlylaryň  “gymmatlyklaryny we ruhuny gysbylyk bilen özüne siňdiripdir”.
Ol: “Döwlet gerbi babatynda hünärmenleriň esaslandyrylan  delillerini,  gyzyklanýan raýatlaryň, şol sanda, ýaşlaryň hem pikirlerini göz öňünde tutmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn, Gazagystanyň gerbini duýmak gaty kyn, onda eklektizm we sowet eýýamynyň alamatlary bar " - diýdi.
Tokaýew gerbi üýtgetmek meselesine “ähli jähtden” seretjek we köpçülikleýin pikir alyşmalary geçirjek ýörite iş toparyny döretmegi teklip etdi. Soňra bolsa, onuň sözlerine görä, Gazagystanyň täze gerbiniň iň gowy eskizini döretmek boýunça açyk bäsdeşligi yglan etmeli.
Gazagystanyň döwlet gerbi 1992-nji ýylda respublikanyň garaşsyzlygy yglan edilenden soň resmi taýdan kabul edilipdi. Onuň awtorlary - arhitektor Žandarbek Malibekow we Şot-Aman Ualihanow.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......