Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy boýunça III Halkara olimpiada geçiriler

  • 16.03.2024 14:23
  • 12k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça III Açyk halkara Internet-olimpiadasyny geçirer.

Çäräniň guramaçylyk toparynda habar berişleri ýaly, eýýäm dünýäniň 15-e golaý ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Rumyniýadan we beýleki döwletlerden ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiada gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Gatnaşjaklary bellige almak dowam edýär. Haýyşnamalary kabul etmek 28-nji marta çenli dowam eder. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk ýokary okuw mekdebi taýýarlyk ugruna we ýokary okuw mekdeplerde ýöriteleşmesine garamazdan, bu derse höwes bilen gyzyklanyp isleg bildirýän talyplaryň ählisini olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.
Olimpiada 29-njy martda başlanar we onlaýn arkaly aýratynlykdaky ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Gatnaşýanlara 6 ýumuş taýýarlanyldy, şolary çözmek üçin 120 minut berler. Olimpiadanyň işi üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barlar.
Bäsleşigiň öňdebaryjylaryny düzümine türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girjek abraýly eminler kesgitlärler.
Internet-olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Olimpiadanyň ýumuşlaryny adaty bolmadyk usul bilen çözüp, tapawutlanan talyplara Ýörite diplomlar gowşurylar.
Olimpiadanyň geçiriliş düzgünleri bilen institutyň https://tdbgi.edu.tm saýtynda Halkara we döwlet olimpiadalary bölüminden tanşyp bolar.
Goşmaça maglumatlary (+99312) 28-18-05, (+99365) 314464; (+99365) 814482 telefon belgilere jaň edip hem-de amanovmerdan73@gmail.com
tdbgiob@gmail.com elektron salgy arkaly alyp bolar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......