Microsoft 100 müň sany filippinli zenana emeli aň we kiberhowpsuzlyk boýunça bilim berer

  • 16.03.2024 13:53
  • 6.5k+

Amerikan tehnologiýa ägirdi Microsoft 100 müň filippinli zenana emeli aň (AI) we kiberhowpsuzlyk tehnologiýalary boýunça bilim berjek haýyr-sahawat maksatnamasyny yglan etdi. Bu barada South China Morning Post neşiri (SCMP) habar berýär. Bu maksatnama söwda ministri Jina Raýmondonyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň Filippinlere iki günlük söwda saparynyň dowamynda yglan edildi.

Zenanlara bilim bermek işi Microsoft-yň onlaýn platformasynda geçiriler. Olara OpenAI-iň uly dil modellerine esaslanýan Microsoft-yň emeli aň gurallaryny ulanmak öwrediler. Alnan bilim filippinli zenanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrar we giňden ýaýran kiberhowplara garşy habardarlygyny artdyrar.
Filippinleriň söwda ministriniň orunbasary Rafaelita Aldaba bu okuwyň «ýurduň kiberhowpsuzlygyny güýçlendirip, zenanlaryň emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna ynamyny artdyryp biljekdigini» aýtdy.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......