"Neýroulgamlaryň iň howplusy." OpenAI howpsuzlyk nukdaýnazaryndan tekst boýunça wideo döredýän Sora-nyň goýberilmegini gijikdirýär

  • 16.03.2024 07:49
  • 3k+

Tekstli beýan etmeden wideo döretmäge ukyply OpenAI Sora neýroulgamy 2024-nji ýylda ähli ulanyjylara elýeterli bolar diýip, The Verge neşiri ýazýar.

Çykaryljak senesi entek takyk belli däl, ýöne tomusda bolar diýip garaşylýar.
Häzirki wagtda Sora diňe az sanly adamlar üçin elýeterlidir, olaryň arasynda  suratkeşler, dizaýnerler we beýleki döredijilik adamlary bar.
OpenAI-yň tehniki direktory Mira Murati The Wall Street Journal gazetine beren interwýusynda döredilýän wideolaryň hakykylygy bilen baglanyşykly bolup biläýjek töwekgelçilikleri göz öňünde tutup, kompaniýanyň Sora-nyň bazara çykarylmagyna seresap çemeleşýändigini aýtdy.
Geljekde Sora sesli wideo döretmäge goldaw berer we ulanyjylar wideony redaktirläp hem bilerler.
Muratiniň sözlerine görä, Sora DALL-E garanda has köp energiýa sarp edýär, bu bolsa ony çykdajy nukdaýnazaryndan has gymmat edýär.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...