Aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanda geçiriljek halkara internet olimpiadalary mälim edildi

  • 16.03.2024 05:52
  • 5.3k+

15-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly,

  • 10-11-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 12-nji aprelde makroykdysadyýet hem-de 16-njy maýda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça II Açyk halkara internet olimpiadalaryny, 26-njy aprelde «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
  • 15-nji aprel — 1-nji maý aralygynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşigi;
  • 6 — 11-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny;
  • 11-nji maýda Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda 22 — 25-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklar we geosyýasy modelirleme» atly halkara olimpiadany geçirmek hem-de bäsleşige geljek daşary ýurtly myhmanlary Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
4-5-nji iýunda bolsa Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Halkara çäreleri ýokary derejede geçirmekde toplanan tejribeden ugur alyp, agzalan olimpiadalara hem-de ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň we ylmy merkezleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny hem üpjün etmek meýilleşdirilýär. Ýeňijiler dürli derejeli medallar, diplomlar bilen sylaglanylar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......