Ýerewanda türkmen nusgawy sazlarynyň konserti geçirildi

  • 15.03.2024 16:34
  • 2831
Ýerewanda türkmen nusgawy sazlarynyň konserti geçirildi

12-nji martda Ermenistanyň Döwlet filаrmoniýasynyň Arno Babajanýan adyndaky konsertler zalynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, konsert Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Konserte Ermenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.
Konserti Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow we Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan açdylar.
Konsertiň çäklerinde sahnada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Şunda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň, Gurbannazar Ezizowyň, Keýik Artykowanyň goşgularyna, meşhur ussatlar Nury Halmämmedowyň, Weli Muhatowyň, Hydyr Allanurowyň, Aman Agajikowyň, Komitasyň we Arno Babajanýanyň sazlaryna düzülen eserler, aýdymçylar B.Moşiýewiň we M.Orazberdiýewanyň,  «Aşgabat Kamerata» kirişli saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdyldy.


şu gün 22:34
53

“Kawasaki” kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakda kömek eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek üçin Ýaponiýanyň «Kawasaki»  kompaniýasy bilen gönümel hyzmatdaşlyk ýola goýlar. Bu barada 19-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde...

şu gün 21:18
991

Türkmenistanda şahsy taraplar üçin “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler

Türkmenistanda şahsy taraplar üçin  niýetlenen “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan bu ulgamlaryň mümkinçilikleri...

şu gün 15:38
1882

Aşgabatda DÝHG döwletleriniň degişli wekilleriniň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady

Şu gün, 19-njy aprelde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar...

şu gün 14:03
1662

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda durnukly ulag ulgamy boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi

17-nji aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron...