Horhe Maswidal bilen Neýt Dias boks düzgünleri boýunça söweşer

  • 15.03.2024 10:07
  • 8.3k+

UFC-niň öňki söweşijisi Horhe Maswidal bilen MMA-nyň meşhur amerikaly söweşijisi Neýt Dias boks düzgünleri boýunça söweşer. Bu barada belli insaýder we žurnalist Ariel Helwani habar berdi diýip, championat.com belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 79 kg çenli agram derejesinde 10 raundlyk söweş Inglwudda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriler. Ol şu ýylyň 1-nji iýunynda bolar.
Belläp geçsek, Maswidal bilen Dias garyşyk başa-baş söweşiň düzgünleri boýunça eýýäm birek-birege garşy söweşdi. Bu 2019-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen UFC 244 ýaryşynda boldy. Şonda söweş Horhe Maswidalyň üçünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.
Ýatlap geçsek, Horhe Maswidal MMA-da 52 söweşe gatnaşyp, 35 ýeňiş gazandy. Diasyň hasabynda garyşyk başa-baş söweşiň düzgünleri boýunça 37 söweşde 24 ýeňiş bar.


01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....