Kanýe Uest 13 ýylda ilkinji gezek Billboard Hot 100 reýtinginde birinji orna çykdy

  • 15.03.2024 15:37
  • 6.3k+

Repçi Kanýe Uest soňky 13 ýylda ilkinji gezek Billboard Hot 100 reýtinginde lider boldy. Onuň Ty Dolla $ign bilen bilelikde ýazylan “Carnival” aýdymy birinji orny eýeledi. Bu barada “Variety” neşiri habar berýär.

Aýdym fewral aýynyň ahyrynda çykanyndan birnäçe hepde soň birinji orny eýeledi. Häzir bu reýtingde ikinji orunda Teddi Swimsiň “Lose Control” aýdymy ýerleşýär. Onuň yzyndan Harlouwyň “Lovin On Me” we Benson Bunyň “Beautiful Things” aýdymy gelýär. Bäşinji orunda Beýonse, soňra Teýt Makreý, Braýan we Keýsi Masgreýws, SZA, Doja Cat we Teýlor Swift ýerleşýär.
Uestiň bu aýdymy TikTok-yň iň gowy 50 aýdymynyň sanawynda-da birinji orny eýeleýär. Aýdymy öz içine alýan “Vultures” albomy 9-njy fewralda resmi çykanyndan bäri iň gowy albomlaryň onlugynda saklanýar, şeýle-de ol 53 müň satylan nusga bilen Billboard 200-de üçünji orny eýeleýär.
Ty Dolla $ign-den başga-da, “Carnival” aýdymyny ýazmaga repçiler Rich the Kid we Playboi Carti gatnaşdy. Kanýe Uest bilen Ty Dolla $ign-iň “Vultures” atly bilelikdäki albomy üç bölekde çykar. Birinjisi 9-njy fewralda çykdy, ikinjisi 15-nji martda, ýene biri 5-nji aprelde çykmaly.

düýn 13:07
2.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....