Alymlar palçykdan ýasalan gadymy tagtajykdaky syrly ýazgylaryň manysyny düşündirdiler

  • 15.03.2024 06:22
  • 12k+

Arheologlar Ankaranyň 60 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Býüklükaleden tapylan 3300 ýyllyk toýun tagtajygyň syryny açmagy başardylar. Arkeonews-yň ýazmagyna görä, bu tagtajykda bürünç asyrynyň syrly döwleti bolan Hett imperiýasyndaky unudylan söweşi görkezýän hett we hurrit dillerinde ýazylan ýazgylar bar.

Hett ýazgysynda raýat urşy döwründe şol imperiýanyň dört şäherine weýrançylykly çozuşyň başy beýan edilýär we hurrit ýazgysy hurrit ýyldyrym taňrysy Teşuba (Tişub-Tark hem diýilýär) gönükdirilen ýeňiş üçin doga.
Doga hudaýy we ylahy ata-babalary şöhratlandyrýar, taňrylar bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň meseleli taraplary birnäçe gezek ýatlanylýar. Şeýle hem, duşmanlaryň şalarydyr diýip çaklanylýan birnäçe adamyň ady agzalýar, ahyrda bolsa  ylahy maslahat soramak bilen tamamlanýar.
Londonyň Uniwersitet kollejiniň gadymy ýakyn gündogar dilleriniň dosenti Mark Widen gadymy teksti terjime etmegi başardy.

“Hurrit tagtajygynyň tapylmagy Büklükaledäki dini däp-dessuryň Hett şasy tarapyndan ýerine ýetirilendigini aňladýar. Bu, iň bolmanda, Hett şasynyň Büklükale gelip, däp-dessury ýerine ýetirendigini aňladýar "- diýip, tapyndylaryň awtory, Ýaponiýanyň Anadolu arheologiýasy institutynyň arheology Kimiýosi Masumura çak  edýär.

Büklükale  hettleriň paýtagty Hattusa şäheri bilen deň hatarda onuň iri şäheri we şa rezidensiýasy bolan bolmagy ähtimal.
Tagtajykda hettleriň şasy Tudhalia II (b.e. öňki 1380-1370 ýyllar) - Hett imperiýasynyň dargamagyndan, takmynan, 200 ýyl ozalky sene goýlan. Hett imperiýasy b.e.öňki XII asyryň başynda ýitip gidipdir. Bu Ortaýer deňziniň töweregindäki köp gadymy siwilizasiýalardaky başly-baratlyk sebäpli giçki bürünç asyrynyň synmagyna gabat geldi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....