Ýaponiýanyň ilkinji hususy eýeçiligindäki raketa uçurylandan soň derrew partlady

  • 15.03.2024 05:51
  • 10k+

Space One hususy ýapon kompaniýasynyň Kairos raketasynyň kömegi bilen orbita hemra uçurmak boýunça ilkinji synanyşygy şowsuz boldy. Bloomberg habarlar gullugynyň habaryna görä, raketa Kuşimotodaky (Wakaýama prefekturasy) Spaceport Kit kosmodromyndan uçurylandan birnäçe sekunt soň ýaryldy.

Partlama öz-özüni ýok etmek mehanizminiň işläp başlamagy sebäp boldy. Space One-yň baş direktory Masakadzu Toyota-yň sözlerine görä, bu düýpli derňeljek adatdan daşary ýagdaý sebäpli ýüze çykdy.
Wakaýamanyň gubernatory Sýuheý Kişimoto žurnalistlere beren habarynda: "Bu ýagdaý gynançly hem bolsa, öz-özüni ýok ediji enjamyň derhal işländigine we hiç kime zyýan ýetmändigine begenýäris" -diýdi.
Raketanyň bortunda Ýere uzakdan gözegçilik etmäge niýetlenen emeli hemra bardy.
Masakadzu Toyota geljekde Kairos raketasynyň uçurylmagy baradaky kararyň derňewiň netijelerine esaslanyp kabul ediljekdigini aýtdy.
Space One 2018-nji ýylda esaslandyryldy. Başlangyç Canon Electronics, IHI Aerospace Engineering, Shimizu gurluşyk korporasiýasy we Ýaponiýanyň Ösüş Banky tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Bloomberg-iň ýazmagyna görä, 2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri iň ýokary nyrhyny saklap gelýän Kairos-yň uçurylmazyndan bir gün öň Canon Electronics-iň kotirowkasy boýunça bahasy raketa partlandan soň 13% töweregi pese gaçdy. Düzedişden soň, Tokiodaky söwdanyň ýapylmagy bilen, kompaniýanyň paýnamalary günüň dowamynda bahasynyň 7,45% -ini ýitirip, her kagyzy 2362 iýen (16 dollar) boldy.


08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......