Türkmenistanyň ilçisi Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

  • 14.03.2024 22:23
  • 5.4k+

12-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň birnäçe ugurda işjeň ösýändigini belläp, ünsi häzirki döwürde yzygiderli we netijeli ösmäge ýykgyn edýän bilim pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda şaýatlyk edýän ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň birek-birege saparlary, bilelikde geçirilýän maslahatlar, seminarlar we forumlar bilim pudagynyň yzygiderli we netijeli ösüşlere gönükdirdiler.
Taraplar M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda öň gol çekilen akademiki we ylmy ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem giňelmegine we işjeňleşmegine ýardam bolandygyny aýratyn bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilelikdäki bilim taslamalaryny mundan beýläk-de taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......