Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi

  • 14.03.2024 22:19
  • 3k+

11-nji martynda Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-usulyýet maslahaty we edebi okaýyşlar geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, maslahatyň işine Ermenistanda akkreditlenen ýurduň diplomatik korpusynyň wekilleri, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary, edebiýatşynaslar, Ermenistanyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdy.
Gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory Ogannes Ogannisýan we Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi M.Aýazow ýüzlendi.
Maslahatda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türki dilleri kafedrasynyň müdiri Aleksandr Safarýan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili kafedrasynyň müdiri Gülruh Gurbanowa, Ermenistanyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Aram Grigorýan çykyş etdiler.
Ýygnananlaryň öňünde şahyr-terjimeçi Warujanu Hasturu döredijilikli çykyşynda türkmen klassikasyndan ermeni diline eden terjimeleriniň birini– “Gözel sen” labyzly okady, soňra Ermenistanyň halk artisti, radio alypbaryjy Maýranuş Grigorýan hem beýik Magtymgulynyň “Kyly-kal bolar” goşgusyny ermeni dilde okady.
Maslahat Gündogar öwreniş fakultetiniň talyplary tarapyndan Magtymgulynyň goşgularynyň döredijilik forumyna gatnaşyjylara sowgat berlen paýlama materiallaryndan terjimelerini okamak bilen tamamlandy.


şu gün 18:54
813

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
617

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

şu gün 15:17
1.5k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......