Türkmenistan we Gazagystan Dubaýda ýapyk tertipde ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

  • 14.03.2024 05:55
  • 11k+

14-nji martda Dubaýda (BAE) Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Milli ýygyndylaryň ikisi hem bu duşuşyga saýlama tapgyryň oýunlaryna taýýarlyk hökmünde garaýarlar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistan Dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyrynda Eýranyň milli ýygyndysy bilen (21-nji martda Tähranda we 26-njy martda Aşgabatda), Gazagystan bolsa, Ýewropa çempionaty-2024-de pleý-off tapgyrynda Gresiýa bilen (21-nji martda Afinyda) duşuşar.
Türkmenistan FIFA-nyň reýtinginde 141-nji orny, Gazagystan - 100-nji orny eýeleýär.
Öň, toparlar öz aralarynda 3 gezek duşuşdylar: 1992-nji ýylda geçirilen duşuşyk Gazagystanyň peýdasyna 1:0 tamamlandy, ýene iki duşuşyk deňme-deň boldy (1:1 1992-nji ýylda we 0:0 1994-nji ýylda). Dördünji duşuşyk toparlaryň ikisiniň hem ylalaşygy bilen ýapyk tertipde geçiriler.
BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Türkmenistanyň ýygyndysynda 24 oýunda bar. Baş tälimçi - Mergen Orazow.
BAE-de türgenleşikler 19-njy marta çenli dowam eder, soňra topar Tährana barar.
Dünýä çempionaty - 2026 ýaryşynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan iki tapgyrdan soň "E" toparda üçünji orny eýeleýär. Ýatlatsak, birinji oýunda türkmen futbolçylary öz meýdançasynda Özbegistandan 1:3 utuldylar, myhmançylykda geçen ikinji oýunda Gonkong bilen 2:2 deňme-deň oýnadylar.


düýn 23:46
2.3k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.4k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......