Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde mekdep okuwçylary üçin matematika we fizika boýunça II internet olimpiadasy geçiriler

  • 13.03.2024 06:50
  • 13k+

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň takyk dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika boýunça II internet olimpiadany geçirer.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, ýokary synp okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça bäsleşik 16-njy aprelde, fizika boýunça 17-nji aprelde geçiriler. Olimpiadalaryň ikisine ýokary synp okuwçylaryň hersinden üç okuwçydan gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen we rus dillerinde özbaşdak bäsleşikler görnüşde daş aralykdan geçiriler. Gatnaşýanlar üçin ýumuşlar şol dersler boýunça mekdep maksatnamasy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Ýumuşlary çözmäge 180 minut wagt berler.
Ders bäsleşikleriň ýeňijileri guramaçy ýokary okuw mekdebiň I, II we III derejeli diplomlary hem-de medallary bilen sylaglanarlar.
Olimpiadalarda çykyş etmek isleýänler 10-njy aprele çenli tm.tau.2022@gmail.com elektron salga okuwçylar hem-de olaryň ýolbaşçy mugallymlary barada maglumatlary ibermelidirler. Haýyşnamalary doldurmagyň nusgasy hem-de olimpiadalar barada giňişleýin maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň https://tohu.edu.tm/ saýtynda ýerleşdirildi.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99312-342680,
+99365633644.

 


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......