Müsürde faraon Ramses II-niň heýkeliniň ýokarky bölegi tapyldy

  • 13.03.2024 09:26
  • 16k+

Faraon Ramses II-niň ägirt heýkeliniň ýokarky bölegi Kairden 250 km günortada ýerleşýän gadymy şäher Germopolda tapyldy. Bu barada Müsüriň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrliginiň beýanyna salgylanyp, Live Science habar berýär.

Gazuw-agtaryş işleri ministrlikden arheolog Basem Gehadyň we Boulderdäki (ABŞ) Kolorado uniwersitetinden Iwon Trnka-Amreýniň ýolbaşçylygyndaky halkara topar tarapyndan geçirildi.
Heýkeliň aşaky bölegini 1930-njy ýylda germaniýaly arheolog Gýunter Rýoder tapdy. Asyl heýkeliň beýikligi aşaky we ýokarky bölekler birikdirilende 7 metre ýetýär.
Gadymy Müsüriň faraony Ramses II, takmynan, b.e.öňki 1279-njy ýyldan 1213-nji ýyl aralygynda höküm sürüpdir. Ol 25 ýaşynda tagta çykýar we 66 ýyllap hökmürowanlyk edýär. Ol aradan çykan wagty 90 ýaş töwereklerinde eken. Heýkel ony goşa täçde we şa kepjebaşly başgapda şekillendirýär. Heýkeliň arka tarapynda ieroglifler bar. Olar hökümdaryň dürli titullaryny aňladýar.
Ramses II Gadymy Müsüriň XIX nesilşalygyndan hasap boýunça üçünji faraon bolupdyr. Onuň dolandyran döwründe Gadymy Müsür çäkleri häzirki Sudandan Siriýa çenli uzap gidýän ägirt imperiýa bolan.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....