Mohammed Ali WWE-niň Şöhrat zalyna giriziler

  • 13.03.2024 06:58
  • 14k+

Ady rowaýata öwrülen amerikaly boksçy we 81 kg çenli agram derejesinde 1960-njy ýylyň Olimpiýa çempiony Mohamed Ali WWE-niň (World Wrestling Entertainment) Şöhrat zalyna giriziler. Bu barada guramanyň ýolbaşçylygy resmi taýdan habar berdi diýip, championat.com belleýär.

Mohammed Ali köp hünärmenler tarapyndan ähli döwrüň iň gowy boksçysy hasaplanýar. Ol 1960-njy ýyldan 1981-nji ýyl aralygynda agyr agramda professional derejede çykyş etdi. Bu döwürde ol iki gezek agyr diwizionda absolýut dünýä çempiony bolmagy başardy – ilki 1964-nji ýylda we 1966-njy ýyla çenli hem-de 1974-nji ýylda we 1978-nji ýyla çenli bu ady saklady. Şeýle-de, Ali Jorj Forman, Sonni Liston, Jo Freýzer, Ken Norton, Jimmi Ýang, Floýd Patterson ýaly birnäçe ady belli boksçylardan üstün çykmagy başardy. Aliniň şahsyýeti we obrazy “Rokki” filmindäki personaž Apollo Krid üçin-de prototip bolup hyzmat etdi.


düýn 14:53
6.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......