Gurbanguly Berdimuhamedow Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy

  • 12.03.2024 21:57
  • 8.8k+

12-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, Guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  
Aksakgallar geňeşiniň Başlygy hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow agza ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, hususan-da,  medeni-ynsanperwer dialogy giňeltmek üçin bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi barada pikir alyşdylar. Mejlisiň dowamynda öňe sürlen başlangyçlaryň Türki Döwletleriň Guramasynyň mundan beýläk-de netijeli işlemegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren başlangyçlarynyň parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde ägirt uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, maýa goýumlary ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmekde Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyryma mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.


şu gün 19:25
532

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.8k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......