Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 15-nji mejlisindäki çykyşy

  • 12.03.2024 15:31
  • 10k+
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 15-nji mejlisindäki çykyşy

Hormatly aksakgallar!
Size şu günki mejlise gatnaşmaga çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin, ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Biz bu ýerde türki halklaryň hormat-sarpaly, akyl-paýhasly we mynasyp wekillerini görýäris. Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hormatly aksakgallar!
Aksakgallar geňeşiniň geçen gezekki mejlisinde ençeme möhüm teklipler, şeýle hem Geňeşiň nobatdaky 15-nji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky teklip kabul edildi. Türkmenistanda bu teklip şatlyk we jogapkärçilik bilen garşylandy.
Men Aksakgallar geňeşiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Geňeş türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we ahlak sütünlerimiziň töweregine jebisleşdirmäge ýardam berýär.
Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işinde parasatly kömekçi we maslahatçydyr. Biziň durmuş tejribämiz, bilimimiz döwlet möçberinde oýlanyşykly, uzakdan görüji çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berýär.
Içerki we halkara durmuşynyň dürli soraglaryna dogry baha bermäge kömek edýär. Ýaşlarymyzy terbiýelemekde, olara dogry ýol salgy bermekde bu Geňeşiň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr.
Biziň işimiz türki halklaryň agzybirliginiň, doganlygynyň we özara goldawynyň synmaz daýançlarynyň biridir. Häzirki döwürde bu aýratyn-da möhümdir.
Umuman, men Aksakgallar geňeşiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň jemgyýetçilik, durmuş-ynsanperwer, medeni ugurlarynyň möhüm bölegine öwrülmelidigine ynanýaryn. Ol döwlet derejesinde gazanylan çözgütleriň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermelidir.
Guramanyň halkara ynsanperwer gatnaşyklaryna hemaýat edip, halk diplomatiýasyna işjeň gatnaşmalydyr.
Şu babatda öňümizde uly wezipeler, bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikler bar.
Şu gün men Türkmenistanyň bu Geňeşde ysnyşykly işlemegi berk maksat edinýändigini ýene-de bir gezek aýtmak isleýärin.
Biz çäreleri meýilleşdirmäge we guramaga işjeň gatnaşarys, Aksakgallar geňeşiniň abraýyny hem-de ähmiýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam bereris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Meniň eýýäm aýdyp geçişim ýaly, häzirki ýönekeý bolmadyk halkara şertlerinde türki döwletleriň agzybirligi we raýdaşlygy möhümdir.
Halklarymyzyň arasynda doganlyk gatnaşykarynyň pugtalandyrylmagy aýratyn, ilkinji derejeli ähmiýete eýedir.
Şu düşünjeler ähli bilelikdäki taslamalaryň hem-de başlangyçlaryň esasynda durmalydyr.
Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň umumy strategiýasy, şol sanda möhüm halkara soraglary boýunça kesgitleýji bolmalydyr.
Türki döwletleriň ysnyşykly, netijeli hyzmatdaşlygy olaryň ykdysady ösüşiniň, hal-ýagdaýynyň, bäsleşige ukyply bolmagynyň möhüm şertidir.
Biziň öz gatnaşyklarymyzy häzirki döwrüň talaplary esasynda ýola goýmak bilen, umumy ösüş binýadymyza esaslanmagymyz möhümdir.
Köp asyrlyk oňyn tejribäni ulanyp, taryhy taýdan yzygiderliligi üpjün edýändigimiz netijelidir.
Häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň hyzmatyny we ornuny dikeltmek zerurdyr.
Şuňa düşünip, Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga yzygiderli we uzak möhletli häsiýet bermegiň, geljegi uly bolan ugurlara aýratyn üns bermegiň zerurdygyndan ugur alýar.
Energetika şol ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan dünýä energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasyny döretmek zerur diýip hasaplaýar.
Bu bolsa, biziň ýurtlarymyzyň artýan energetika isleglerini üpjün eder.
Iri energiýa öndürijileriň biri bolan Türkmenistan doganlyk döwletlere energiýa serişdelerini ibermäge, olaryň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär.
Bu döwletleriň özleriniň gatnaşmagynda türkmen tebigy gazyny gündogar ugra ibermek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalary hem bar.
Şeýle hem, biziň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana we Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçiliklerimiz bar. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de kömek bermäge biz taýýardyrys.
Geljekde hemişelik hereket edýän toplumlaýyn energiýa geçiriji ulgamy döredip bolar.
Şonda geografiýa taýdan goňşulykdan, serişde kuwwatyndan, eltmegiň serişdelerinden türki döwletler doly möçberde peýdalanyp biler.
Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn, ileri tutulyp orun berilýär. Biz bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmelidiris.
Tagallalarymyzy birleşdirsek, halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir.
«Türki guşak» köp asyrlar mundan ozal adamzadyň ösüşine ägirt uly oňyn täsirini ýetirdi. Ol gündogar we günbatar medeni ösüşiniň özara gatnaşygyny geografiýa taýdan baglanyşdyrdy.
Dürli ugurlarda bilimleriň we üstünlikleriň giňden alşylýan ýeri boldy. Ýüzýyllyklara çeken bu iş taryhy ykbaly köplenç türki dünýä goňşulygy bilen kesgitlenen onlarça halklary hem-de döwletleri öz içine aldy.
Meniň pikirimçe, häzir gürrüň türki halklaryň bu beýik taryhy wezipesi barada gaýtadan oýlanmak we uýgunlaşmak hakynda barmalydyr.
Şonuň üsti bilen Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurluşyny döretmeli.
Syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, dünýägaraýyşda onuň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu işe durnuklylyk hem-de yzygiderlilik häsiýetini bermeli.

Hormatly aksakgallar!
Ynsanperwerlik biziň Geňeşdäki işimiziň ileri tutulýan ugrudyr.
Biziň halklarymyz dil, medeni taýdan hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýar.
Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan – maşgala gatnaşyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris. Däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan, borja ygrarlylykdan dönmeýäris.
Häzirki döwürde türki halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň möhüm bolşy ýaly, ýaş nesillere tejribämizi, müňýyllyk ruhy mirasymyzy geçirmek hem möhümdir.
Ýaşlarda geçmişimize söýgini döretmek, olary adamyň, Watanyň bähbidine üstünlikleri gazanmaga taýýarlamak zerurdyr. Men şunda biziň Geňeşimiziň işiniň esasy wezipeleriniň birini, bu ugurda döwlet tagallalary üçin daýanç hökmünde onuň ornuny görýärin.
Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýär. Bu sene türki döwletlerde hem giňden bellenip geçiler. Bu, elbetde, kanunalaýykdyr. Magtymguly diňe bir türkmen milletiniň buýsanjy däldir.
Ol ähli türki dünýäsiniň guwanjydyr, biziň halklarymyza mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň we edermenligiň nusgasydyr. Magtymguly hut şu häsiýetleri wasp edip, biziň halklarymyzyň beýikligi hem-de gülläp ösmegi barada arzuw edipdir.
Bu gün biz onuň kesgitlän ýoly bilen bilelikde barýarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly ýaşulular!
Mejlisiň dowamynda biz Aksakgallar Geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda pikir alyşdyk, köp sanly täzeçil garaýyşlary we anyk başlangyçlary beýan etdik.
Hususan-da, häzirki zaman jemgyýetindäki çylşyrymly ösüş meýillerini göz öňünde tutup, Türki halklarymyzyň arasynda ýokary ahlagy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, edep-ekramy we sylag-hormaty wagyz etmek hem-de mynasyp ýaş nesli kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Gadyrly dostlar!
Şu gün biz doganlyk türki halklarymyzyň gülläp ösmegi we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegi üçin wezipeleri geňeşmek maksady bilen, şu ýere jem bolduk.
Aksakgallar Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda eden maslahatlarymyzyň we kabul edilen ýol görkeziji çözgütlerimiziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmakda, Türki Döwletleriň Guramasynyň ösüş ugruny kesgitlemekde hökman ulanyljakdygyna berk ynanýaryn.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.
Hormatly Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň agzalary!
Şunuň bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 15-nji mejlisiniň işini jemleýäris we ýapyk diýip yglan edýäris!


düýn 21:31
1.3k+

Daşkentde Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwdany ýeňilleşdirmek boýunça milli komitetleriniň 12-nji sebitleýin ýygnagy geçirildi. Bu çäre Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Germaniýanyň...

düýn 17:04
4k+

Katar bilen Türkmenistan 28 ýyllyk hyzmatdaşlykda 36-dan gowrak şertnama baglaşdy

1996-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Katar bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri ýurtlar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan 36-dan gowrak şertnama we Ähtnama gol...

düýn 15:59
2.9k+

7-nji dekabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça kabul edişlik bolar

7-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul...

düýn 11:27
2.7k+

26-27-nji noýabrda Aşgabatda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça maslahat we sergi geçiriler

26-27-nji noýabrda Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärelere görülýän taýýarlyk barada Ministrler...