Türkmen diplomaty Ženewada haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

  • 11.03.2024 23:40
  • 5.4k+

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili W.Hajiýew BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanynda akkreditirlenen Halkara hristian haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar dünýäniň dürli künjeklerinde pes derejede ýaşaýan ilata ýardam bermäge gönükdirilen ynsanperwer taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu babatda, Guramanyň wekilleri Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde alyp barýan ynsanperwer syyasatyna, durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berdiler.
2021-nji ýylda Türkmenistanda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny tarapyndan alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.
Bu Gaznanyň işi bilen has ýakyndan tanyşdyrmak üçin, duşuşygtň ahyrynda ýokarda agzalan haýyr-sahawat guramasynyň wekillerine degişli maglumatlar berildi.
Ýokarda agzalan halkara haýyr-sahawat guramasynyň dünýäniň 190-a golaý ýurdunda iş alyp barýandygy, şeýle hem bu gurama tarapynda diňe 2022-nji ýylyň dowamynda umumy bahasy 1 milliard 20 million ABŞ dollaryna barabar bolan jemi 3 692 sany ynsanperwer taslamasy durmuşa geçirilendigi barada bellemek zerurdyr.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....