Türkmenistan we Eýran Nowruz baýramy mynasybetli serhedinde bilelikde festiwal geçirerler

  • 11.03.2024 22:59
  • 10k+

Nowruz baýramy mynasybetli türkmen-eýran serhedinde festiwal geçiriler. Bilelikdäki eýran-türkmen festiwalynyň Eýranyň demirgazyk-gündogar sebitindäki Horasan Razawi sebitindäki Bajygyran etrabynda geçiriljekdigi barada ýurduň Medeniýet we yslamy ugrukdyrmak ministrliginiň sebitleriň işi boýunça Baş direktory mälim etdi diýip, "IRNA" habarlar agentligi habar berýär.

Nowruz baýramyna bagyşlanan bilelikdäki şeýle medeni çäreler Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Howdan-Bajygyran serhetýaka zolagynda öňki ýyllarda hem geçirilipdi. Onuň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, senetçileriň bezeg önümleriniň umumy sergisi, iki ýurduň estrada aýdymçylarynyň we folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary guralýar.
Türkmenistan bilen Eýrany hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we taryhy umumylyklar özara baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň we sebit gatnaşyklarynyň ösüşiniň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlyga iki ýurt hem aýratyn ähmiýet berýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....