25 müňe golaý okuwçy “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna gatnaşdy

  • 11.03.2024 17:57
  • 14k+

9-njy martda Aşgabatda we ähli welaýatlarda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna badalga berildi.

Olimpiada mekdep okuwçylarynyň gyzyklanmasy diýseň ýokary boldy. Ilkinji tapgyra gatnaşan 25 müňe golaý okuwçy öz zehinlerini açyp görkezmek üçin Zehin soraglary (IQ test), Matematika, Fizika, Himiýa we Biologiýa dersleri boýunça ýumuşlary türkmen dilinde ýa-da dil başarnygyna laýyklykda iňlis dilinde ýerine ýetirdiler. Ýatlap geçsek, şu ýylyň başynda 2023-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen integrirlenen olimpiadanyň meseleleriniň çözüliş usullary uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirilipdi.
Ozal hem habar berlişi ýaly, döwlet we halkara olimpiadalarynyň ýeňijileriniň bäsleşige höwesek gatnaşmagy olimpiadanyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Olimpiadany guramaçylykly geçirmek üçin okuwçylaryň sanynyň köp bolandygyna garamazdan ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Okuwçylaryň her haýsysyna aýratynlykda kod berlip, bäsleşigiň adalatly geçirilmegi üpjün edildi. Hasaba duran okuwçylaryň sanyna laýyklykda sorag kagyzlary bukjalara salnyp möhürlendi we jogapkär toparlara gowşuryldy. Olimpiada tamamlanandan soňra-da okuwçylaryň işleri bukja salnyp, degişli mekdebiň möhüri bilen möhürlenip, merkezi guramaçylyk toparyna ugradyldy.
Belläp geçsek, “Times Higher Education Awards Asia 2024” ady bilen dünýäniň uniwersitetleriniň reýtingini kesgitlemek boýunça ýaňy-ýakynda yglan edilen gysga sanawa zehinli dalaşgärleriň giň köpçüligini çekmekde tapawutlanandygy üçin, “Student Recruitment Campaign of the Year” ugry boýunça ilkinji sekizlige Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem girmegi başardy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......