Geýdelbergdäki maglumat merkezi Ýewropada 3D çap edilen iň uly bina boldy

  • 10.03.2024 15:43
  • 7.8k+

Germaniýanyň Geýdelberg şäherindäki täze maglumat merkezi Ýewropada 3D çap edilen iň uly binadyr. Wave House diýlip atlandyrylýan desganyň meýdany 600 inedördül metr. Mundan başga-da, desga diňe rekordy bilen däl, eýsem gurluşykda 3D çap etmegiň estetiki ulanylyşynyň mysalydyr.

Wave House SSV we Mense Korte tarapyndan taslamalaşdyryldy we gurluşykçy KrausGruppe üçin Peri 3D Construction kompaniýasy tarapyndan çap edildi.
Tolkuny ýada salýan adaty bolmadyk dizaýn maglumat merkezlerine mahsus penjiresizligi we uly açyklygyň bolmazlygyny göz öňünde tutmak bilen, işlenip düzüldi.
Taslama gatnaşan COBOD kompaniýasynda: "Içgysgynç çal reňkli gutularyň ýerine, şäheriň landşafty bilen sazlaşyp gidýän, özüne çekiji binany döretmek isledik" – diýip nygtadylar.
“Tolkun öýi” çap etmek bary-ýogy 140 sagat dowam etdi. COBOD BOD2 3D printeri sement ýaly garyndyny çykardy we uzynlygy 54 m, ini 11 m we beýikligi 9 m bolan diwarlary emele getirdi. Çap etme tamamlanandan soň onuň üçegi, gapylary we ähli zerur aragatnaşyklary oturdyldy. Içini reňklemek üçin Deutsche Amphibolin-Werke kompaniýasynyň reňkleýji roboty ulanyldy.
Gurluşykçy Kraus Gruppe-yň sözlerine görä, 3D çap etmegiň ulanylmagy, adaty gurluşyk usullary bilen deňeşdirilende, CO2-niň zyňyndylaryny ep-esli azaltdy. Robotlaryň we adamlaryň işini öz içine almak bilen, tutuş taslama 2023-nji ýylyň aprelinden oktýabr aýyna çenli aralykda amala aşyryldy.


düýn 20:31
2.8k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......