Türkmenistan BMG bilen Strategik maslahat beriş Geňeşini döretdi

  • 09.03.2024 16:44
  • 1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşini döretmek hakynda Karara gol çekdi. Şeýle hem Geňeşiň düzümi tassyklanyldy.

Bu geňeş BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak, seçip almak, tassyklamak bilen bagly işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu babatda teklipleri taýýarlamak işini ýerine ýetirer. Şeýle hem guramanyň çäklerinde halkara başlangyçlary öwrenmek, türkmen tarapy üçin maksadalaýyklygyna görä, olara goşulmak we goldamak babatda teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda kabul edilen hereketleriň milli meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak teklip edilýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....