Magtymgulynyň goşgularyna iň gowy aýdym-saz eserleri üçin kompozitorlaryň bäsleşigi yglan edildi

  • 09.03.2024 15:45
  • 4.3k+

Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň sesi” VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdym-saz eserleri” ady bilen kompozitorlaryň bäsleşigi yglan edildi.

Bäsleşik Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyşdyrmak we onuň şahyrana mirasyny ýaýratmak maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşige ýaş çäklendirmesiz kompozitorlar gatnaşyp bilýär. Bäsleşige Magtymgulynyň goşgularyna esaslanan ses we fortepiano ýa-da instrumental ansambly üçin original eserlere gatnaşmaga rugsat berilýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar we baýraklar bilen sylaglanar. Gatnaşyjylaryň iň gowy işleri nota ýygyndysynda neşir ediler.
Bäsleşigiň professional emin agzalarynyň düzümine sungat işgärleri, saz sungatyny öwrenijiler, pedagoglar, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň Suhan Tüýliýew, Daňatar Hydyrow, Jeren Gurbangylyjowa, Mämmet Güseýinow we Kirill Wolkow ýaly belli kompozitorlary girdi.  
Gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Nota materialy elektron salgysy boýunça kabul edilýär: festival.sounds-of-dutar@mail.ru. Eseriň dowamlylygy 8 minutdan geçmeli däl.
Bäsleşik barada jikme-jik maglumatlary “Dutaryň sesi” festiwalynyň saýtynda tapyp bilersiňiz: http://dutar-sounds.ru/ru/contests/composers-competition.html


şu gün 14:47
1.3k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......