Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýaşlar ýygyndysy Dünýä çempionatyny GAR-y ýeňmek bilen tamamlady

  • 09.03.2024 14:56
  • 11k+

Ýaşlardan (U18) düzülen Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Keýptaundaky (GAR) ýaşlar dünýä çempionatyny GAR-yň toparyny 6:2 hasabynda utmak bilen tamamlady. 7-nji martda geçirilen duşuşyk ýaryşda türkmen ýaşlary üçin üçünji we iň soňky boldy.

Ýatlap geçsek, öň Maksat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky topar Tailanddan (7:2) üstün çykdy, ýöne Gonkongdan utuldy (3:8).
Gonkong, Tailand we Türkmenistan “B” toparçada 6 utukdan gazandylar, ýöne geçirilen we sypdyrylan şaýbalaryň tapawudyna görä degişli tertipde orunlary eýelediler. Indiki raunda Gonkongyň topary çykýar. Ýaryşyň eýesi bolan GAR-yň topary bir utuk hem gazanyp bilmedi.
Türkmen ýaşlary üçin bu şeýle derejeli ýaryşlarda ilkinji çykyş boldy. Ýaryş Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) howandarlygynda geçirildi. 


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....