Ukrainanyň günbataryndan ýaşy 1 million ýyldanam gowrak bolan iň gadymy daş gurallary tapyldy

  • 08.03.2024 18:09
  • 20k+

Ukrainanyň günbatarynda, Zakarpatiýa oblastynda Ýewropanyň iň gadymy daş gurallary tapyldy. Daniýaly, çehiýaly we beýleki ýurtlardan bolan halkara arheologlar topary Nature ylmy žurnalynda bu barada habar berdiler.

Wulkan jynsyndan ýasalan gurallaryň ýaşy 1,4 - 1 million ýyl aralygyndadyr.

Daniýanyň Orhus uniwersitetiniň geofizik alymy, gözlegiň şärikdeş awtory Mads Faurşu Knudsen: "Bu Ýewropada adamyň islendik görnüşiniň iň irki döwürlerde-de bar bolandygynyň subutnamasydyr" – diýip belledi.

Bu ýaraglaryň kim tarapyndan ýasalandygy entek belli däl. Belki, olary döredenler Homo erectus-dyr ýa-da häzirki zaman adamlarynyň has irräk döwürlerdäki ata-babalarydyr. Gurallaryň et pudarlamak we haýwanlary deriden çykarmak üçin ulanylandygy çak edilýär.
Şu wagta çenli bu görnüşdäki iň irki daş gurallary Gündogar Afrikada tapyldy we olaryň ýaşy 2,8 million ýyl töweregi diýip kesgitlendi. Alymlaryň bellemegine görä, Afrikaly adamlar demirgazykdan uzaklara göçmek bilen, şeýle gurallary ulanmak arkaly dürli şertlere öwrenişip, mesgen tutupdyrlar.


şu gün 10:53
341

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....