Apple Ýaponiýada iPhone 15 Pro-da surata düşürilen “Ýarygije” atly gysga metražly trillerini çykardy

  • 08.03.2024 15:53
  • 9.9k+

Apple öz YouTube kanalynda gysga metražly filmini - “Ýarygije” atly neo-nuar trillerini neşir etdi. The Hollywood Reporter-yň berýän habaryna görä, meşhur ýapon režissýory Takasi Miike (“13 pida”, “Harakiri”) filmi iPhone 15 Pro kamerasynda surata düşürdi.

Filmde Tokionyň köçelerinde aýlanyp, mätäçlere kömek berýän gijeki ady näbelli taksi sürüjisi (Kento Kakuwyň oýnamagynda) barada gürrüň berilýär. Gahryman bir sapar ýerli jenaýatçy toparyň agzalary bilen pete-pet gelen bir gyza duşýar – olar onuň golaýda kakasyndan miras galan awtoulagyny elinden alyp gitmekçi bolýarlar.
Filmi düşürmekligiň galdyran täsirleri barada teswir ýazan Takaşi Miike iPhone 15 Pro-yň gijeki jikme-jiklikleri we hatda, dartgynly-darkaşly pursatlarda-da gahrymanlaryň duýgularyny görkezip biliş ukyby bilen haýran galdyrandygyny aýtdy. Režissýor Apple smartfonlarynyň, hatda, uly göwrümli ýöriteleşdirilen kameralar üçin elýeterli bolmadyk funksiýalary eýýäm ýerine ýetirip bilýändigine haýran galdy.
Ýanwar aýynyň başynda Apple Hytaýyň Täze ýylyny bellemek üçin iPhone 15 Pro Max-da düşürilen “Kiçijik sarymsak” atly gysga metražly filmi görkezdi.


düýn 22:13
2.6k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....