Gazagystan Geljegiň oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüp başlady

  • 08.03.2024 15:45
  • 3.8k+

Gazagystan Geljegiň oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüp başlady. Ýurt ilkinji ýaryşlaryň geçirilen ýeri bolan Tatarystanyň kömegine bil baglaýar diýip, Gazagystanyň parlamentiniň Mažilisiniň (aşaky palatasynyň) başlygy Ýerlan Koşanow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygynda aýtdy.

«Biziň Prezidentimiz Geljegiň oýunlarynyň özboluşly formatyny belläp geçdi. Ol gören zatlaryndan ruhlandy we indiki Geljegiň oýunlaryny Gazagystanda geçirmegi teklip etdi. Häzirki wagtda biz eýýäm taýýarlyk işlerine başladyk» diýip, Koşanow belledi.

Ozal Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bolan duşuşygynda indiki «Geljegiň oýunlary» atly köpugurly halkara sport ýaryşyny öz ýurdunda geçirmegi teklip etdi.
Geljegiň oýunlary adaty sport görnüşleriniň kompýuter oýunlary bilen utgaşmasyndan ybarat bolan täze formatdaky sport çäresidir. Ilkinji ýaryşlar 21-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Kazanda geçirildi we oňa 100 müňden gowrak tomaşaçy gatnaşdy. Birinji Geljegiň oýunlaryna 107 ýurtdan 275 topar we 2 müňden gowrak adam gatnaşdy.


22.06.2026 22:55
5.9k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 23:33
3.5k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......

03.04.2026 23:31
2.3k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....