Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň enelerini we ähli gelin-gyzlaryny gutlady

  • 08.03.2024 08:35
  • 5.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň enelerini we ähli gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Maşgalanyň sütüni hökmünde ýokary ahlaklylygyň nusgasy bolan eziz enelerimiziň mertebesini belentde tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir. Ata-babalarymyzyň «Ata sözi — hikmet, ene sözi — rehnet», «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — soltanly öý» diýen dürdäne sözleri türkmen halkynda zenan mertebesiniň, hormatynyň mydama belentde tutulandygyny subut edýär” diýlip Gutlagda aýdylýar.
“Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Watana wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlary üçin «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy zenanlarymyzyň bagtyýarlygynyň, olara goýulýan hormatyň nyşanydyr” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....