Aşgabatda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Iň gowy gyzlar gurnagy” bäsleşiginiň netijesi jemlendi. 1-nji martdan 3-nji mart aralygynda geçen finala başlangyç ýaryşlarda gowy netijeleri görkezen gatnaşyjylar gatnaşdy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.
Bäsleşigiň ýeňijisi Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebinden “Meňli” topary boldy. Bu mekdebiň wekilleri köpçülikleýin SMS we onlaýn ses berişligiň jemi esasynda baş baýragy aldylar.
Birinji orny Mary şäheriniň 24-nji aýratyn zehinli ýaşlar mekdebinden “Päkize” gurnagy eýeledi. Ikinji orny Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebinden “Gülälek” we Saýat etrabynyň 41-nji orta mekdebinden “Gunça” paýlaşdy.
Üçünji orunda birbada üç gurnak ýerleşdi – Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebinden “Tumar”, Arkadag şäheriniň 10-njy mekdebinden “Arzuw” we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 41-nji mekdebinden “Bagtyýar gyzlar”.
Ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri hormat hatlary we gymmat bahaly sowagtlar bilen sylaglandy.
Çäräniň çäklerinde sergi hem guralyp, onda ýaş ussatlaryň işleri: milli keşdeleme, örüm, haly dokama we beýlekiler hödürlendi.
Ýatlap geçsek, bäsleşigiň şerti boýunça gyzlar öz gurnaklaryny görkezdiler, aýdym we goşgy ýerine ýetirdiler, el işlerine ussatlygy görkezdiler we türkmen baýramçylyk desterhanyny ýazdylar.