Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 07.03.2024 00:37
  • 21k+

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri girizildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi we göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň jemleri, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, düzümleýin edaralara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler, şeýle hem prokuror gözegçiliginiň täze usullarynyň ulanylyşy barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow  hasabat döwründe hukuk tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny we ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem bu edarany ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň barşy, edaranyň düzümlerine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna kazyýet edaralaryna aň-düşünjeli, päk  ahlakly, işbaşarjaň, arassa we halal işgärleri saýlap-seçip almagy tabşyrdy.
Soňra  milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek, şeýle hem   ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Soňra adalat ministri M.Taganow 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli Maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew  hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler hem-de Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr ýükleriň akymyny kadalaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şol sanda işgärleriň  migrasiýa ulgamyndaky nazary we amaly bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....