Wýetnamyň paýtagty Hanoý dünýäde iň hapa şäher boldy

  • 06.03.2024 18:24
  • 16k+

Ilaty, takmynan, 9 mln bolan Wýetnamyň paýtagty Hanoý dünýäde howasy has güýçli hapalanan şäherleriň antireýtinginde birinji orna çykdy. Bu barada Agence France-Presse (AFP) agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Phys.org portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Halkara howa hiline baha beriş serwisi IQAir-iň maglumatlaryna görä, 5-nji martda Wýetnamyň şäheriniň howasyndaky PM2,5 mikro-tozanjyklaryň konsentrasiýasy Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) howpsuz görkezmeleriniň derejesinden 24 esse ýokarydy. BSGG-niň maglumatlaryna görä, PM2,5 bölejikleri rak, insult we beýleki keselleriň döremegi bilen baglanyşyklydyr.
Soňky ýyllarda Hanoý giň gerimli gurluşyk işleri we ulag zyňyndylary sebäpli dünýäniň iň hapa şäherleriniň sanawyna ýygy-ýygydan goşuldy.
Kömür elektrostansiýalarynyň zyňyndylary we oba hojalygynyň galyndylarynyň ýakylmagy bu meseläni has-da ýitileşdirýär.
Bütindünýä bankynyň soňky hasabatyna görä, Hanoýyň ýaşaýjylarynyň 40%-i BSGG-niň görkezmelerinden tas bäş esse ýokary konsentrasiýalaryň täsirine sezewar bolýar.


07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.8k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......