Amyderýa goraghanasynda ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy

  • 14.04.2026 16:09
  • 5.2k+

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda işjeň ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy. Çäre ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmaga we tebigata aýawly çemeleşmek ukyplaryny kemala getirmäge gönükdirildi diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň saýty habar berýär.

Bu başlangyç «Ýaş tebigatçy» guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de Global ekologiýa gaznasynyň «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Ýaş tebigatçylar hünärmenleriň ýolbaşçylygynda goraghananyň kenarýaka ekoulgamlary bolan tokaýlyklaryň ýagdaýyny öwrendi, Gyzyl kitaba girizilen seýrek duş gelýän haýwanlaryň we guşlaryň ýaşaýan ýerleri bilen tanyşdy. Şeýle hem olar daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň amaly endiklerini öwrendi.

Eko-syýahatyň amaly bölegi goralýan ýerlerde özüňi alyp barmagyň kadalaryny öwretmegi, tebigaty arassa saklamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy hem-de ekologiýa taýdan dogry iýmitlenmegiň ýörelgeleri bilen tanyşmagy öz içine aldy.

«Bu eko-syýahat tebigat bilen içgin tanyşmaga we onuň ekoulgamyny gorap saklamagyň ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Biz goraghananyň täsin dünýäsini öwrenmek bilen, tebigaty goramagyň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyna ýene bir ýola göz ýetirdik» – diýip, «Ýaş tebigatçy» guramasynyň meýletinçisi Bahargül Kulyýewa öz täsirleri bilen paýlaşdy.

Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşanlara Hormat hatlary gowşuryldy.


20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......