Biosensor guşlar ummanda simabyň paýlanyşynyň detallaýyn kartasyny döretmäge kömek etdiler

  • 18.04.2026 12:04
  • 1.9k+

Ekologlaryň halkara topary 11 müňden gowrak deňiz guşunyň gan maglumatlaryny öwrenmegiň esasynda dünýä ummanlarynda zäherli simap birleşmeleriniň ýaýramagynyň detallaýyn kartasyny düzdi. Bu barada Nagoýa uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Guşlary janly biosensor hökmünde ulanmak, kompýuter modelleşdirişine garanyňda, has ygtybarly empirik maglumatlary berdi. Bu barlag planetanyň Arktikadyr Antarktidany hem öz içine alýan ähli sebitlerinden guşlaryň 108 görnüşine degişli boldy.

Netijeler iň ýokary simap konsentrasiýasynyň 200 metrden 1000 metre çenli çuňlukdaky deňiz jandarlarynda, şeýle hem Demirgazyk Atlantikada we Ýuwaş ummanynyň aram giňişliklerinde syn edilendigini görkezdi. Aýratynam, albatrosslar we burewestnikler hapalanmaga has ejiz bolup çykdy.

Alymlar şeýle gözegçilikleriň Minamata Konwensiýasynyň durmuşa geçirilmegi üçin möhümdigini nygtaýarlar, sebäbi simap örän zäherli we haýwanlaryň iýmit zynjyrynyň ýokarky bölegindäki organlarda toplanýar.


düýn 20:25
5.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.7k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....