OpenAI-yň öňki işgärleri Google-yň we OpenAI-yň çykaranlaryndan has akylly we has çalt Claude 3 çat-botuny çykardylar. Ol 159 ýurtda elýeter boldy

  • 06.03.2024 18:17
  • 3.9k+

OpenAI-iň öňki işgärleri tarapyndan döredilen Antropic kompaniýasy Claude 3 atly AI modeliniň täze neslini çykardy diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Claude 3 multimodal bolup, teksti we suratlary gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Setirde iň ösen Opus modeli resmi claude.ai web sahypasy we amaly programma interfeýsi (API) arkaly elýeterlidir, tizlige gönükdirilen Haiku bolsa biraz soňrak hödürlener.
Täze Claude 3 modelleri kontekste has gowy düşünýärler we jogap bermezlik ähtimallygy az. Opus çylşyrymly materiallary 3 sekuntdanam az wagtyň içinde gaýtadan işläp, ony bazarda iň çaltlaryň birine öwürýär. Ol synaglarda magistraturanyň derejesinde pikirlenmegi talap edýän meseleler boýunça özüne deňlerden - OpenAI-yň GPT-4-inden we Google-yň Gemini Ultra-syndan öňe geçdi.
Claude 3 AWS we Google Cloud-da içerki Antropiki maglumatlary goşmak bilen, garyşyk maglumatlar toplumyny ulanyp tälim aldy.
Opus 159 ýurtda elýeterli, Sonnet we Haiku soňra elýeterli bolar. Anthropic çykdajylaryny aýan etmedi, ýöne Airtable-iň we Asana-nyň modelleri synag etmäge  kömek edendigini aýtdy.
Antropic geçen ýylda 7,3 milliard dollar toplady we Claude 3-i kärhana hem-de sarp ediji segmentlerinde ChatGPT bilen bäsdeş hökmünde görkezýär.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...