Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby "Talyp gözeli - 2024" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 06.03.2024 14:57
  • 20k+

5-nji martda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli — 2024» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Aşgabatdaky «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeniýet we işewürlik merkezinde geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda geçen tapgyrdaky ýeňijiler gatnaşdylar.
Jemleýji tapgyryň netijelerine görä, «Talyp gözeli — 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa boldy. Bu barada TDU-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Şeýle hem, gözellik bäsleşiginde Türkmen döwlet maliýe institutynyň 5-nji ýyl talyby Aýgül Atdyýewa birinji orun, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Aýgül Allanowa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülruh Hallymyradowa ikinji orna, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Gunça Jumageldiýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnäzik Myşşyýewa hem-de Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Ernepesowa dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp gyzlara guramaçylar tarapyndan Diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


düýn 23:39
868

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......