Türkmenistanyň gümrük gullugynyň wekilleri ÝB-niň guran okuw maslahatyna gatnaşdylar

  • 06.03.2024 14:35
  • 3.9k+

Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy tarapyndan Merkezi Aziýada hukuk tertibini üpjün etmek boýunça maksatnamasy (LEICA) bilen bilelikde Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärleri üçin guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Adam söwdasy we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmak boýunça okuw maslahaty 29-njy fewraldan 1-nji mart aralygynda geçirildi.
Litwanyň Içeri işler ministrliginiň döwlet serhediniň gorag Gullugynyň we LEICA-nyň bilermenleri töwekgelçilikleriň görkezijilerini hem-de migrantlaryň bikanun söwdasy we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmagyň töwekgelçilikleri we seljeriş işleriniň netijelerini beýan etdiler.
Çärä gatnaşyjylar IT gurallaryny ulanmak arkaly töwekgelçilikleri profilirlemek boýunça ÝB-nyň tejribesi bilen tanyşdylar. Okuw maslahatynyň netijesi boýunça töwekgelçilikleriň profilleri we görkezijileri boýunça kitapça işlenip taýýarlandy. 


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....