ABŞ-da talyp hakly Fulbraýt okuw Maksatnamasy üçin arzalar kabul edilip başlandy

  • 06.03.2024 14:26
  • 6.1k+

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ABŞ-da magistr derejesini almak isleýän daşary ýurtly talyplar üçin talyp hakly Fulbraýt Maksatnamasyna (Fulbright)  ýazylyşygyň başlanandygyny habar berdi. Arzalar onlaýn kabul edilýär diýip, diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär.

Talyp hakly Maksatnama Türkmenistandan zehinli ýaş hünärmenlere 2025-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, ABŞ-nyň uniwersitetleriniň birinde magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär. Maksatnamanyň dowamlylygy 1 ýyldan 2 ýyla çenli. Arzalar lukmançylyk, weterinariýa ylymlary, şeýle hem näsag bilen gönüden-göni galtaşmany talap edýän beýleki hünärlerden galan ugurlaryň ählisi boýunça kabul edilýär.
Maliýeleşdirme okuw tölegini, okuw gollanmalaryny, awiauçuşlary, ýaşaýyş we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin talyp hakyny öz içine alýar. Zerur resminamalaryň sanawy we beýleki maglumatlar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Arzalar şu saýtda 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyna çenli kabul edilýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......