“PSŽ” we “Bawariýa” Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

  • 06.03.2024 13:51
  • 7.6k+

6-njy martda Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýunlary geçirildi.

Mýunheniň “Bawariýasy” öz meýdançasynda “Lasiony” 3:0 hasabynda utdy. Ýeňijileriň düzüminde iki gol bilen Garri Keýn tapawutlandy. Birinji oýunda “Bawariýa” 0:1 hasabynda utulypdy. Ýöne jogap duşuşygynda uly ýeňiş gazanmagynyň netijesinde indiki tapgyra çykdy.
“PSŽ” myhmançylykda “Real Sosýedady” 2:1 hasabynda utdy. Kilian Mbappe iki gol geçirdi. Birinji oýunda “PSŽ” 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Çempionlar ligasy, 1/8 final, jogap oýunlary:
“Bawariýa” – “Lasio” – 3:0
Gollar: Keýn, 38 (1:0). Mýuller, 45+2 (2:0). Keýn, 66 (3:0).
“Real Sosýedad” – “PSŽ” – 1:2
Gollar: Mbappe, 15 (0:1). Mbappe, 56 (0:2). Merino, 89 (1:2).


düýn 22:47
1.4k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......