Azerbaýjan 2023-nji ýylda türkmen gazyny satyn almagyny 77% artdyrdy

  • 06.03.2024 08:58
  • 5.3k+

Azerbaýjan 2023-nji ýylda Türkmenistandan 1,51 milliard kub metre barabar bolan tebigy gazy import etdi. Bu 2022-nji ýyldakydan (857 million kub metr) 77% ýokarydyr. Bu maglumatlary Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komiteti getirýär diýip, ORIENT habar berýär.

Bahalar babatda aýdylanda, geçen ýyl Türkmenistandan Azerbaýjana tebigy gazyň importy 218,22 million dollara barabar bolup, munuň özi 110,87 million dollar netije bilen jemlenen 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 96,8 % artykdyr.
2023-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 773,9 million dollara ýetendigini bellemek gerek. Bu bolsa 2022-nji ýylyň (535,39 million dollar) degişli döwri bilen deňeşdirilende 44,5 göterim ösüşiň bellige alnandygyny görkezýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......