Aşgabatda Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 05.03.2024 22:38
  • 2.3k+

4-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan taraplary barada pikir alyşdylar.
Taraplar parlament wekiliýetlerini alyşmak tejribesini ýola goýmak arkaly parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan ýangyç-energetika toplumy we ösen tehnologiýalar ulgamy barada durlup geçildi.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy möhüm ugur hökmünde kesgitlediler. Şol bir wagtyň özünde bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.


düýn 19:40
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Ugandanyň wekiliýeti bilen birnäçe meseleler maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okello bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy...

düýn 19:24
1k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

düýn 11:55
7.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

düýn 11:06
4.6k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen gepleşikler geçirdi

23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy...